Klawiaturalaryň täze toplumy öndürildi. – sessiz, suw geçirmeýän, simsiz

10.09.2020

“Logitech” öňki modellerden 90 göterim has rahat bolan “MK295” simsiz klawiatura we syçan toplumyny hödürledi.

Täze model suwa çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

Bateraýsy bir gezek zarýad alanyndan soň, şol güýji bilen klawiatura 36 aý çenli, syçan bolsa 18 aýa çenli ulanylyp bilner.

Model bäsdeşlerinden has kiçi we has döwrebap bolup, birnäçe funksiýalary bilen tapawutlanýar.

Beýleki simsiz modellere garanyňda has çydamlydyr. “MK295” bilen simsiz birikmek 10 metre çenli mümkindir.

Enjamyň umumy dizaýny we düwmeleri suw geçirmeýär.