Ilkinjı ýere Windows 10-yň güýz wersiýasy bolan 1909 çykdy.
"AdDuplex" Statistika gullugy Windows 10 operasiýa ulgamynyň dürli wersiýalarynyň paýlanyşy boýunça geçirilen soňky gözlegiň netijelerini çap etdi. Iýul aýynyň statistikasy bilen deňeşdirilende reýtingde düýpli üýtgeşmeler bar.
Ondan öň birinji orny 2019-njy ýylyň ýazynda çykan we paýy 43,6 göterim bolan Windows 10 1903 eýeledi. Ondan soň 36,8 göterim bilen Windows 10-yň güýz wersiýasy bolan 1909 eýeledi.
Indi Windows 10 1909, bazar paýy 35,5 göterim bilen birinji ýeri eýeledi. Windows 10 1903 bolsa bazar paýy 33,5 göterim bilen ikinji ýeri eýeledi.
Görşüňiz ýaly, iki wersiýanyň hem bazar paýy azaldy. Bu, iň soňky OS wersiýasynyň has intensiw durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Windows 10 2004 tiz meşhurlyk gazandy. Operasiýa ulgamy geçen aý ähli Windows 10 kompýuterleriniň 11,6 göteriminde gurnaldy. Häzirki wagtda bu görkeziji 24.1 göterime çenli ýokarlandy.