“TrendForce” analitikleri şu ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde iň gowy çip öndürýän ilkinji on kompaniýany yglan etdiler. Reýtinge seretseň, bu kategoriýada diňe öz önümçiligi bolmadyk we çipleri ösdürmek bilen meşgullanýan kompaniýalar bar. Sanawda "Broadcom" şereketi öňde barýar. Bu kompaniýanyň ýyllyk girdejisi 4,265 milliard dollardan 3,976 milliard dollara çenli azaldy. Ondan soň “Qualcomm” şereketi bar. “Broadcom” kompaniýasyndan tapawutlylykda “Qualcomm” şereketi girdejisini 3,567 milliard dollardan 3,807 milliard dollara çenli artdyrdy.
Sanawda üçünji orunda "Nvidia" şereketi bar. Bu kompaniýanyň ilkinji onluga girenleriň arasynda 2,352 milliard dollardan 3,461 milliard dollara çenli iň uly ösüşi görkezendigi bellärliklidir. Reýtingde "Nvidia" şereketiniň ýyllyk satuwyny 1,977 milliard dollardan 2,259 milliard dollara çenli 14,2 göterim ýokarlandyran Taýwanyň “MediaTek” şereketi 4-nji orny eýeleýär. Ilkinji bäşlige girip, girdejini 26,2 göterim ýokarlandyran kompaniýa bolsa "AMD" şereketidir.