Dünýäniň ilkinji çarçuwasyz sagady

07.09.2020

Soňky ýyllarda tehnologiýanyň ösmegi mobil enjamlarynyň has kiçeldilmegine we ýukaldylmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, telewizor, kompýuterler we smartfon ýaly enjamlaryň çarçuwasyz görnüşleri peýda boldy. Indi bolsa, çarçuwasyz “akylly” sagat çykaryldy. “Rollme” şereketiniň “Hero Pro” atly tegelek sagadyň ýüzüni tutuşlygyna ekran gaplaýar. “Qualcomm” kompaniýasynyň “Snapdragon Wear 4100 Plus” mikroprosessory oturdylypdyr. Täze enjamyň bahasy we haçan satuwa çykaryljakdygy häzirlikçe mälim edilmedi.