ABŞ-da ýerleşýän uçuş tehnologiýalary kompaniýasy "Otto Awiation" 3 ýyldan gowrak wagt bäri garaşylýan “Celera 500L” uçaryny hödürledi.
Soňky döwürde gaty gyzykly uçar dizaýnlary peýda bolup başlady. Bu dizaýnlaryň biri ABŞ-da ýerleşýän uçuş tehnologiýalary kompaniýasy "Otto Awiation"-a degişlidir.
2017-nji ýylda Günorta Kaliforniýanyň Logistika howa menzilinde ilkinji gezek görkezilen “Celera 500L” oka meňzeş dizaýny sebäpli “ok uçary” diýlip atlandyrylyp başlandy.
3 ýyl bäri hiç hili jikme-jiklik paýlaşylmadyk uçar kompaniýa tarapyndan tanyşdyryldy we täze maglumatlar ilkinji gezek paýlaşyldy.
“Otto Awiation” kompaniýasynyň ýazmaça beýanyna görä, 6 ýolagça niýetlenen “Celera 500L” uçary sagatda takmynan 740 kilometre ýetip bilýär we ýekeje tank bilen 8 müň 334 kilometre baryp bilýär.
“Celera 500L” 1 gallon (3,7 litr) ýangyçda 30-40 kilometri geçip biler. Şuňa meňzeş uçar deň mukdardaky ýangyç bilen 3-5 kilometre çenli uçup bilýär. Başgaça aýdylanda, uçaryň ýangyç bahasy şuňa meňzeşleriň ondan birine deňdir.
“Otto Awiation” şereketi “Celera 500L” uçarynyň 1 sagatlyk umumy uçuş bahasynyň 328 dollardygyny mälim etdi.
Şu güne çenli 31 synag uçuşyny tamamlan “Celera 500L” uçary ok görnüşindäki dizaýny arkaly az ýangyç bilen çalt we uzak aralyga uçmak ukybyna eýedir.
Gurşun görnüşi we ganatlarynda ulanylýan ýörite dizaýn bilen düşürilen laminar akym, uçara minimal sürtülme bilen uçmaga mümkinçilik berýär. Esasanam uçuş wagtynda has az güýje mätäç bolan uçarda az ýangyç sarp edýän kiçijik hereketlendiriji ulanylyp bilner.