Türkmenistandan, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 9,10 we 11-nji synp okuwçylary «FIRST Global» atly halkara robot ýasamak olimpiadasyna gatnaşmaga taýýarlyk görýärler. Bu halkara bäsleşik üçin, Türkmenistanyň “Oguzrobot” adyndaky topary döredip, ençeme robotlary ýasaýarlar.
“FIRST Global” halkara robot ýasamak olimpiadasy her ýyl millionlarça ýaşlaryň arasynda geçirilýär. Halkara bäsleşik şu ýyl onlaýn görnüşde geçirilip, 25-nji sentýabra çenli dowam eder. Oňa gatnaşýanlara jemi 29 sany ýumuş berilip, olary 25-nji sentýabra çenli dynmaklary talap edilýär. Tehnologiýa ugurlardan ýöriteleşen bu halkara olimpiada mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Mekan Çerkezow, Begli Rejepow, Ahmet Şyhlyýew we Dawut Akyýew dagylar “Oguzrobot” robotyny ýasap gatnaşýarlar. Bu robot suwuň içindäki zir-zibilleri ýygnamak bilen meşgullanýar. “Oguzrobot” geçen ýyl şu halkara bäsleşikde ýeňiji bolupdy.
Mekdebiň 10-njy synp okuwçylary Oguljan Nuriýewa we Aýlar Poladowa M.R.W.M.R (Mars Rover Waste Management Robot), ýagny Mars zir-zibil dolandyryş robotyny ýasadylar. Bu robot her dürli ýerlerde zir-zibilleri toplamagy başarýar. M.R.W.M.R robotynyň aýaklarynyň düzüliş görnüşi şu ýyl Marsa goýberilen “Mars Rover” robotynyňka meňzeýär.
Mekdebiň 9-njy synpl okuwçylary Arslan Poladow, Nurmuhammet Nazarow, Ylham Rahmanow, Maksat Kakajanow, Turan Nursähedow we Pirguly Öwezow dagylar “Agricultural robot” we “EduRobot” atly iki sany roboty ýasadylar. “Agricultural robot” oba-hojalyk roboty ekin meýdanlaryna tohum serpip, olary suwaryp we dermanlap başarýar. “EduRobot” bolsa ýörite çagalar üçin niýetlenilip, olara sapaklary hem-de daşky gurşawy (miweler,haýwanlar,...) aňsatlyk bilen öwretmegi başarýar.
Bu okuwçylary mekdebiň mugallymlary Berdimyrat Ýazhanow we Atamyrat Şahanow taýýarlap, olara tejribe gazanmaga uly ýardam berýär.