Haýsy “Windows” näçeräk ulanylýar?

06.09.2020

Dünýäde kompýuterlerde iň ýaýran amaly ulgamy bolan “Windows”-yň haýsy nusgasynyň näçeräk ulanylýandygy barada maglumat ýaýradyldy. “Microsoft”-yň 2015-nji ýylda çykaran “Windows 10”-y iň köp ulanylan amaly ulgam bolup, 56,42 % göterim paýy eýeleýär. “Windows 7”-li kompýuterleriň mukdary 26 göterimden gowrak bolupdyr. 2001-nji ýylda çykarylan “Windows XP” 2014-nji ýyldan soňra täzelenmedi. “Microsoft”-yň hiç hili goldaw bermeýändigine garamazdan, bu amaly ulgamy gurnalan kompýuterleriň sany 1,26%. “Windows 8” 0,57%, “ChromeOS” 0,42% we “Windows Vista” 0,12% paýa eýe bolupdyr. Maglumatlara görä, häzriki wagtda dünýäde 2 milliarddan gowrak kompýuteriň bardygy çaklanylýar. Bu baradaky maglumaty “NetMarketShare” şereketi taýýarlapdyr.