“Apple” şereketi kanun boýunça talap edilýän “App Store”-yň bahalaryna sanly hyzmat salgydyny girizdi. Kompaniýa beýleki ýurtlardaky bahalaryny hem täzeledi. Tehnologiýa ägirdi bolan “Apple” şerekeri “App Store”-yň bahalaryna kanun boýunça Sanly hyzmat salgydyny girizdi. Bu salgydyň çäginde ähli iri halkara tehnologiýa kompaniýalarynyň, esasanam ABŞ kompaniýalarynyň, pul bilen ýüklenem oýunlar, aýdym-sazlar we wideolar ýaly hyzmatlardan, şeýle hem internetde edilýän söwda we mahabat görnüşlerinden gelýän girdejileri üçin Sanly hyzmat salgydynyň 7,5 göterimini tölejekdigi mälim edildi.
Gündelik maglumatlara görä, Sanly hyzmatlar salgydy 750 million ýewrodan gowrak diýlip yglan edildi. Şeýle-de, bu salgyt, dünýä derejesinde azyndan 20 million ýewro girdeji gazanan kompaniýalara degişlidir.