Güne has golaý barar

09.02.2020

NASA we Ýewropa Kosmos Agentligi (ESA) Güni has ýakyndan öwrenmek üçin täze enjam uçurar. “Solar Orbiter” atly kosmos gämisi Güni başga tarapdan surata alar. Häzire çenli alnan Günüň suratlary diňe ekwatorial, ýagny gapdal tarapyndan alyndy. Täze kosmos gämisi bolsa, başga orbitada  hereket eder. Şeýlelikde, Günüň polýar tarapyny öwrenmäge mümkinçilik alnar. Bu kosmos gämisi Ýeriň ýagtylyk çeşmesine 42 million kilometre çenli barar. Mälim bolşy ýaly Gün planetamyzdan 150 million km töweregi uzaklykda. Astronomlar bu kosmos gämisi arkaly has köp maglumat toplamagy maksat edinýärler. Alymlar, esasan, Günüň 11 ýyllyk öwrümlerini öwrenmek isleýärler. Ýagny Gün 11 ýyllap has hereketli, 11 ýyllap “asuda” bolýar. ESA-nyň hünärmeni Daniýel Müller yzygiderli gaýtalanýan bu döwürleýin tapawudy bilýändiklerini, adamlaryň 400 ýyldan bäri teleskop arkaly Güni synlaýandyklaryny, emma bu döwrüň näme üçin 11 ýyldygyny bilmek isleýändiklerini aýdýar. 11 ýyllyk döwürde Günüň magnit meýdanynyň ugry hem üýtgeýär. Mikroawtobusuň ululygyndaky kosmos gämisiniň üstünde 10 görnüşli aýratyn gural bar. Bu kosmos gämisi çendenaşa yssa çydamly edilip ýasaldy.