“Sanly çözgüt - 2026”
“Sanly çözgüt - 2026” bäsleşige gatnaş - baýrakly orunlara mynasyp bol!
DÜZGÜNNAMA
«Sanly çözgüt - 2026» atly innowasion taslamalar bäsleşigini
geçirmegiň
DÜZGÜNNAMASY
I. Bäsleşigiň esasy maksatlary
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen yurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu işlere bilimi, başarnygy, ussat hünärmenleri çekmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen «Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Konsepsiýany amala aşyrmagyň talaplaryna laýyklykda, sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de bu ugurda anyk çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak şeýle hem, IT hünärmenler bilen üpjün etmek bellenilen.
Kabul edilen konsepsiýa laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirleriňiz bilen içgin aýdylan, yurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek, yurdumuzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça täze Start-aplara (StartUp) badalga bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriligi «Sanly çözgüt - 2026» atly innowasion taslamalarynyň bäsleşigini geçirýär.
Şu düzgünnama bäsleşigiň geçiriliş şertlerini we tertibini kesgitleýär.
II. Bäsleşigiň umumy düzgünleri
- Taslamalar (oýlap tapyşlar) üçin internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyryljak web hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň, dürli kompýuterleriň we ykjam aragatnaşyk enjamlarynda ulanyljak programma üpjünçiligi (işjeň ulgamlaryň) taýýarlanylmagy hökmanydyr;
- Bäsleşige gatnaşyjylar öz programma üpjünçiliginiň taslamalarynda, oýlap tapyşlarynda kiberhowpsuzlyk ýagdaýlary, adamyň bähbitlerine ýetirjek mümkinçilikleri baradaky maglumatlaryň görkezilmegini bellenilen görnüşde aýdyňlaşdyrylmalydyr (Nusga №2);
- Döwletiň syrlaryna gabat gelmeýän, döredilen programma üpjünçiliginiň intellektual eýeçilik goragynyň möhletiniň bellenilen görnüşde aýdyňlaşdyrylmalydyr;
- Taslamanyň düzülen iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň möhletleri ylmy-seljeriş işi içinde tutulyp taslamalaryň mümkindir;
- Taslamalaryň wezipeleriniň ornaşdyrylmagynyň mümkinçiligi;
- Aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň işini ösdürmekde innowasiýa usullarynyň peýdalanylyşy;
- Ykdysady taýdan peýdalylygy;
- Oýlap tapyşyň hili we durmuşda ulanmak ýeňilligi (rahatlygy).
- Döredilen oýlap tapyşlar kanunçylygyň ähli talaplaryna laýyklykda düzülmelidir. Goşmaça (markiwir) rugsat berilmeýär. Ýazylan programma üpjünçiligiň esaslandyryş kodlary bolmalydyr;
III. Bäsleşige gatnaşmagyň düzgünleri
- Şu bäsleşige şahsy we toparyň görnüşde gatnaşmagy rugsat edilýär (toparlaryň görnüşde gatnaşýanlaryň adam sany 3-den köp bolmaly däl) we olaryň ýolbaşçysy anyk kesgitlenmelidir.
- Şu bäsleşige gatnaşmak isleýän bildirişleriň resminamalary ýaşlar tarapyndan hödürlenip bilner.
- Bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşýan şahsyň (topar ýolbaşçysynyň) ýazmaga arzaçy, çap edilen maglumatlaryň (agzalarynyň), pasportlaryň nusgalary we hödürlejek taslamalarynyň mazmunynyň bolmagy zerurdyr.
- Bäsleşige gatnaşyjylaryň resminamalarynyň anyk ýuridiki salgysynyň ýa-da haýsy edaradan gatnaşýandygy, aragatnaşyk telefon belgileriniň, faks belgileriniň, web saýtlarynyň we elektron poçtalarynyň maglumatlarynyň bellenilen görnüşde doldurylmagy zerurdyr (Nusga Nº1);
- Ýuridiki şahslar tarapyndan hödürlenilen gatnaşyjynyň (toparyň we düzüminiň) maglumatlary, resmi edara maglumatlary we hödürlejek taslamalarynyň mazmunynyň bolmagy zerurdyr.
- Şol bir edara-kärhanadan birnäçe gatnaşyjylaryň (toparlaryň) aýry-aýrylykda gatnaşmagyna rugsat edilýär, emma gatnaşyjylary (topar düzümlerini) gaýtadan hasaba alynmaýar.
- Şahsy tertipde taslamalaryny hödürlänleriň, hünärleriniň, oýlap tapyşlarynyň, oýlap tapyşynyň doly işjeň ýagdaýynda görkezmek üçin zerur bolan, onuň öz taslamasyny bilen tanyşdyrmak wagty 10 minutdan geçmeli däldir.
- Bäsleşige gatnaşyjylaryň resminamalary 2026-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriligi tarapyndan hasaba alynýar.
- «Türkmenistan – 2026» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda bäsleşigiň jemleri jemlen ýider.
IV. Bäsleşigiň geçiriliş tertibi we guramaçylyk topary
Bäsleşik 7 ugur boýunça geçirilýär, ýagny:
- Emeli aň;
- Robototehnika we awtomatlaşdyrma;
- Akylly oba hojalyk tehnologiýalary;
- Smart City;
- Bilim we elektron okuw;
- Sanly lukmançylyk;
- Hyzmatlar ulgamy.
Bäsleşige hödürlenýän taslamalary (oýlap tapyşlary) seljermek üçin, eminlik etmek maksady bilen, wagtlaýyn ýörite seljeriş topary döredilýär. Seljeriş toparynyň düzümine umumy ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriligi tarapyndan amala aşyrylar we ýola goýulýar. Şahsy tertipde taslamalaryny hödürlänleriň, hünärleriniň, oýlap tapyşlarynyň, oýlap tapyşynyň doly işjeň ýagdaýynda görkezmegi hökman bolup durýar. Bäsleşige gatnaşyjynyň çykarylan netijeden närazy bolan halatynda ýolbaşçylarynyň umumy ylalaşygy esasynda arz-şikaýat topary döredilip, ol topar gatnaşyjynyň taslamasyny (oýlap tapyşynyň netijesini) özbaşdak seljermek arkaly gutarnykly netijäni çykarýar. Eger ilkinji toparyň çözgüdi hakykatdan-da kanagatlanarsyz bolsa, onda arz-şikaýat toparynyň çözgüdi gutarnykly hasaplanýar. Bäsleşigiň geçiriliş günlerinde gatnaşyjylary (topar ýolbaşçylary) gatnaşmadyk ýagdaýynda (dürli sebäplere görä) taslamanyň hödürlenişini işjeň sanawyndan aýyrmak we gatnaşyjy gatnaşmak hukugyny ýitirer. Bäsleşigiň her bir ugry boýunça birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän taslama Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriligi garamagyndaky edara-kärhanalaryň hem-de ministriligiň paýly gatnaşygyndaky jemgyýetleriniň maliýe serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmegi bilen pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar bilen sylaglanar. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýeňijileriniň sanawynyň emin agzalary ýa-da bäsleşige gatnaşmak tertibinde amala aşyrylar. Dörediljek wagtlaýyn ýörite topar agzalary tarapyndan bahalandyrylyp, iň ýokary baha goýlan taslamalar (Mysal hökmünde göterim (%) görnüşinde) goýulýar (Nusga Nº3).
V. Bäsleşikde gadagan edilýän hereketler
- ● Jemgyýetçilik çäklerini we özüňi alyp barmak tertiplerini bozmak;
- ● Wirusly ýa-da howply resminamalary ýüklemek we almak;
- ● Iş we onuň mazmuny bäsleşige gatnaşyjylaryň we ony gurnaýjylaryň göwnine degip biljek taslamanyň görnüşini hödürlemek.
Ýokarda görkezilen hereketler ýüze çykarylan ýagdaýynda, bäsleşigi gatnaşyjynyň gurnaýjynyň karary esasynda birtaraplaýyn tertipde dalaşgärleriň sanawyndan aýrylyp bilner.
VI. Bäsleşigiň geçirilişiniň beýan edilmegi
Nusga № 1
1. Bäsleşige gatnaşyjylaryň taslamalarynda görkezmeli maglumatlary:
| Ady, Familiýasy, atasynyň ady | Ýuridik salgysy | Edara-kärhanasy | Tel. belgisi, poçta salgysy | Tejribesi | Bäsleşik boýunça teklip edýän işi |
|---|---|---|---|---|---|
Nusga № 2
2. Bäsleşik boýunça teklip edilýän işleriniň netijeleriniň tejribesi barada maglumatlar:
| № | Ugry(kriteriýa) | Görkezijiler | Taslamanyň durmuşa geçirilmegini bilelikde maliýeleşdirmegiň teklip edilýän mukdary |
|---|---|---|---|
| 1 | ERDU | LMS ulgamyny gurnamak | 0 tmt |
| 2 | |||
| 3 |
Nusga № 3 (* Mysal hökmünde)
3. Bäsleşige gatnaşyjylaryň buýurmalarynyň kriteriýa aňlatmalary we kriteriýalar boýunça aňladyş göterimleri ýa-da bahalary.
| Kriteriýalaryň sanawy | Kriteriýa aňlatmalary | Kriteriýalar boýunça aňladyş göterimleri, bahalary |
|---|---|---|
| 1 | Enjamlara we beýleki maddy çeşmelere eýeçilik hukugynda ýa-da beýleki kanuny esasda, maliýe çeşmeleriniň elýeterliligini, wakalaryň mowzugy bilen baglanyşykly iş tejribesini, belli bir hünär derejesindäki hünärmenleri | 10% |
| 2 | Kiberhowpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilişi | 20% |
| 3 | Sanly ulgam bilen baglanyşykly modeli | 30% |
| 4 | Sanly özgertme maksatnamasynyň hili | 10% |
| 5 | Taslamanyň netijeliligi | 20% |
| 6 | Taslamalar (Oýlap-tapyşlar) | 10% |
| Buýurmalar boýunça kriteriýalaryň aňlatma göterimleriniň, bahalarynyň jemi | 100% | |
Bäsleşigiň geçiriliş şertleriniň düzgünnamasyny mahabatlandyrmak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen guramaçylyk topary tarapyndan amala aşyrylýar. Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we oýlap tapmalar baradaky teklipler telecom.tm , mincom.gov.tm internet saýtlarynda elektron görnüşinde kabul edilýär.
98-12-12 / 98-13-13