Iň netijeli elektrokar

07.02.2020

“Tesla” kompaniýasynyň “Model Y” atly täze modeli energiýanyň iň netijeli peýdalanýan ulag hasap edildi. Dört tigiri hem aýlanýan ulag bir gezekki zarýady bilen 506 kilometr ýol geçip bilýär. Täze elektrokaryň indiki aýdan başlap müşderilere ýetiriljekdigi mälim edildi. Kompaniýanyň mundan ozalky ulagy “Model 3” geçirilen barlaglarda 490 km ýol geçipdi. Elektrokar önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýa täze ulaga islegiň ýokary bolmagyna garaşýar. Geçen ýyl “Tesla” kompaniýasynyň modelleriniň satuwy käbir ýurtlarda adaty ýangyçly ulaglardan geçipdi.