Türkmenistan Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly Eýrana gynanç bildirdi

20.05.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.