«sanly.tm» ulanyjylaryň maglumat goraglylygyny kepillendirýär


18.04.2024

Türkmentelekom» EAK-nyň hünärmenleri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip, sanly ulgama geçmegiň öz milli nusgasyny işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň ähli ulgamlaryna sanly özgertmeler işjeň ornaşdyrýar.

Kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan ýola goýlan «sanly.tm» portaly we milli poçta bukjasy maglumatlary alyş-çalyş etmek bilen gündelik iş amallaryny awtomatlaşdyrýar. Netijede wagty we zähmeti ep-esli tygşytlaýar.

Ulanyjylar üçin milli äheňde, türkmen, rus dillerinde, aňsat interfeýsli düzülen «sanly.tm» milli elektron portaly poçta, senenama, elektron gözleg ulgamy, iň täze habarlar, howa maglumaty, poçta arkaly söhbetdeşlik ýaly modullary öz içine alýar.

«sanly.tm» portalynda: e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynyň, «Belet Video», «Belet film» onlaýn kinoteatr platformasynyň hem-de ýurdumyzyň söwda nokatlarynyň we Internet dükanlarynyň salgylanmalaryna girip, olaryň onlaýn hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi hem döredilendir.

Şeýle-de «sanly.tm» portalynda Türkmenistanda we dünýäde bolup geçýän möhüm wakalar we täzelikler ýerleşdirilýär. Bu bolsa «sanly.tm» poçtasyny ulanyjylaryň möhüm habarlardan gyzgyny bilen tanyş bolmaklaryny üpjün edýär.

Sanly.tm milli poçta bukjasy – dünýä ülňülerine laýyk gelýän ähli modullary özünde jemläp, her ulanyja berilýän poçta göwrüminiň paýy 2G/B-a barabardyr.

«sanly.tm» ýuridiki şahslar üçin korporatiw poçta hyzmaty bolsa - kiçi kärhanalar we iri kompaniýalaryň işgärleriniň özara iş prosesini ýeňilleşdirmek we işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyny üpjün edmek maksady bilen ýola goýuldy.

Korporatiw poçta hasaba alnandan soň, kärhananyň her bir hünärmeniniň özbaşdak elektron poçta salgysy bolýar. Bu salgy boýunça ulanyjylar ummasyz mukdarda bukjalary döredip bilýär. Bukjalaryň sanyny islendik wagt artdyryp bolýar.

«sanly.tm» portalynda korporatiw poçta hyzmatyny siz hem açyp bilersiňiz!

Новости

2 3 4 5 ... 10

Нужна помощь?

Наши специалисты всегда готовы ответить на любые интересующие вас вопросы