ABŞ-nyň “Anduril” kompaniýasy awtonom howa gözlegleri üçin niýetlenen “Ghost 4” atly uçarmansyz howa ulagyny (muňa başgaça dron ýa-da pilaotsyz uçar diýilýär) öndürdi. Şeýle pilotsyz uçarlary aýratynlykda we toparlarda ulanyp bolýar.
“Anduril” şereketiniň täze pilotsyz howa ulagy, raketa tüpeňe meňzeýär, dikuçar meýilnamasyna esaslanýar. “Ghost 4” atly pilotsyz uçaryň uzynlygy 2,7 metr, ini 4 metr we beýikligi 4 metr. Eplenýän dizaýn enjamy ýörite çemodanda götermäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýanyň habaryna görä, howada 100 minutlap durýan “Ghost 4” pilotsyz uçarynyň esasy wersiýasy aýrylyp bilinýän, durnuklaşdyrylan elektron optiki ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem, lazer maksatly görkezijini we aragatnaşyk ulgamlaryny goşmak bilen goşmaça enjamlary gurmak mümkindir.
Uçuş wagtynda pes sesli pilotsyz uçary çykarmak üçin 2 minut töweregi wagt gerek.