Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“MagSafe” aksesuarlary “iPhone 12”-leriň ukybyny artdyrýar

04.11.2020

Kamera aksesuarlaryny öndürýän “Moment” kompaniýasy “iPhone 12” seriýasyna degişli aksesuarlaryny tanyşdyrdy. Mobil enjamlaryň ukybyny has-da artdyrýan “MagSafe” daşlyklary we beýleki aksesuarlary “iPhone 12” smartfonlary bilen sazlaşykly işleýär. Telefon daşlyklarynda magnitleri bolup, olar arkaly geçirijisiz zarýad berip bolýar.

Daşlyklar ortaça 50 dollardan satylýar. Şeýle hem telefony kamera hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýän tripodlar bilen baglanyşygy üpjün edýän port hem bar. Bu enjam mikrofony we ýagtylygy dolandyrmaga mümkinçilik berip, 40-50 dollar aralygynda satylýar. Şeýle hem ulagyň içinde telefony saklaýjy enjam bar. Bu enjamlar telefony dürli ýerlerde we dürli maksatlar bilen ulananda uly ýeňillik döredýär.