Türkmentelekom Bot

Raşid Meredow iş sapary bilen Tährana bardy


12.02.2025

Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Tährana bardy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şäher gurluşygy ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň başlygy Huşang Bazwand bilen duşuşyk geçirdi

Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, şol sanda eýran kompaniýalarynyň Türkmenistanda awtoulag ýollaryny gurmak boýunça taslamalaryna gatnaşmagy barada durup geçdiler.

Şeýle-de taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň soňky mejlislerinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň gidişine syn berdiler.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Soňra Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknejad bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda derwaýys meseleler we nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki dostlukly ýurduň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin zerur şertleriň bardygyny bellediler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadi bilen duşuşdy. Taraplar geçen ýylda geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyna ünsi çekip, iki ýurduň hem degişli ugurdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda elektrik energiýasyndan we suw çeşmelerinden tygşytly peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Eýranyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky utgaşdyrylan tagallalaryň ähmiýeti barada nygtaldy.

Türkmenistan wekiliýetiniň Eýrana sapary dowam edýär diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn