Türkmentelekom Bot

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň bilermenleri Türkmenistanda deslapky missiýasyny geçirdiler


12.02.2025

Türkmenistan, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) we Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) onkologiýa gullugynyň ösüşi we ýurtda ýadro lukmançylygynyň howpsuz hem-de netijeli ulanylmagyny üpjün etmek üçin bilelikde işleýärler.

Bu tagallalaryň çäklerinde Türkmenistanda deslapky imPACT missiýasy geçirildi, bu bolsa düwnük keseli bilen göreşmekde milli derejede bar bolan mümkinçiliklere baha bermek we pugtalandyrmak üçin möhüm ädim bolup durýar.

Missiýa onkologiýa keselli näsaglaryň anyklanylmagy, olaryň bejerilişini we ideg edilişini kämilleşdirmek, şeýle hem lukmançylygyň bu ugry boýunça ýadro tehnologiýalarynyň ulanylmagynda ýokary howpsuzlyk we netijelilik standartlaryny üpjün etmek boýunça gymmatly seljeriş maglumatlaryny we maslahatlaryny berer.

Bu başlangyç Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň, BSGG-nyň we Türkmenistanyň onkologiýa keselleri bilen göreşmekde we jemgyýetçilik saglygyny gowulandyrmakda bilelikdäki tagallalara berýän ünsüni nygtaýar — diýlip, BSGG-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň metbugat habarynda bellenýär.

Ozal biz Türkmenistanyň Halkara onkologiýa merkezini gurmak taslamasyna Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň bilermenleriniň çekiljekdigi barada habar beripdik.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn