Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“Toyota Yaris” howpsuzlyk synagyndan geçdi

17.09.2020

“Toyota Yaris”-iň şu ýylky modeli ölçegleri we ülňüleri täzelenen synagdan üstünlikli geçen ilkinji ulag boldy. Müşderilere ýetiriljek dördünji nesle degişli “Yaris” öň tarapynyň berkligini ölçeýän kakyşmak testinden ýokary baha aldy. Ilkinjisi 1997-nji ýylda çykarylan ulag ýapon brendiniň iň şowly modelleriniň biri hasaplanýar. Ulag synagdan üstünlikli geçen hem bolsa, öňünden çykan zady kakmazlygy üçin ygtybarly “Safety Sense” tehnologiýasy bilen üpjün edilen. Bu tehnologiýa ulaga awtomat ýagdaýda tizligine peseltmäge, ugruny üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Ulagyň önümçiligi Fransiýadaky zawodda amala aşyrylar. Hereketlendirijisi babatda gibrid bolmagy bilen tapawutlanýan ulagyň 1 hem-de 1,5 litr göwrümli görnüşleri bolar. Ulagyň içinden ýanýan motorynyň kuwwaty 80 at güýjüne barabar. Elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendirijini goşanyňda bu görkeziji 115 at güýjüne ýetýär. Ulag içindäki uly ýolagçyny goramakda 86, çagany goramakda 81 we pyýadany goramakda 78 ball aldy.