Türkmentelekom Bot

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly awia nebiti, “TPP D 30 S” kysymly polipropilen we gurluşyk materiallary satyn alyndy


14.02.2025

13-nji fewralda, penşenbe güni, Türkmenistanyň döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa, ýeňil senagaty önümleri we guruşyk materiallary ýerlenildi.

Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “TS-1” kysymly awia nebiti satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwet konserni bilen “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Dokma senagaty ministrliginden olar agardylmadyk matany, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden bolsa float aýnasyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 24 150 000 manada we 2 190 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 8 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn