Türkmentelekom Bot

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okaýan owganystanly ýaşlaryň sany köpeldiler


14.02.2025

Bu barada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mejlisler jaýynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ― milletleriň bagtyýarlygynyň binýady» atly geçirilen dabaraly maslahatda bellenildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölümi we bu baýry ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde geçiren maslahatynda birleşigiň dürli döwletlerdäki agzalary gatnaşdylar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.

Maslahatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şahsy we köpçülikleýin agzalaryndan wekiller çykyş etdiler. Olaryň arasynda Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň başlygy Abdurahman Ahmad, bu jemgyýetiň agzasy, şahyr Şirmuhammet Ýeňiş, «Dostluk gatnaşyklary» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Muhammet Sadyk Seýid Muhammet we beýlekiler bar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dünýäniň 14 döwletinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi hereket edýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem owganystanly ýaşlaryň birnäçesi hünär öwrenýär. Maslahatda aýdylyşy ýaly, her ýyl owganystanly ýaşlaryň 30-syna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin mümkinçilikler döredilýär. Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň haýyşy bilen bolsa ýene-de 10 talyba goşmaça ýer açylýar.

Maslahatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berildi diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn