Türkmentelekom Bot

Türkmenistanly mekdep okuwçylary ýanwar aýynda halkara ders we internet bäsleşiklerinde 12 medal gazandylar


15.02.2025

Türkmenistanly mekdep okuwçylary şu ýylyň ilkinji aýynda halkara ders we internet bäsleşiklerinde 12 medal gazandylar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 14-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmek, okuw kitaplaryny neşir etmek boýunça işler dowam etdirildi. Ylym ulgamynda-da maksada gönükdirilen işler alnyp baryldy. Şu ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Ýanwar aýynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, çempionatlara, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany wise-premýere bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap bilim bermek işine aýratyn üns bermegi, ösüp gelýän nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi, ulgama degişli täze desgalaryň gurluşygyny, ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek işini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn