Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Uçýan maşynyň önümçiligine girişiler

16.03.2020

Niderlandlaryň PAL-V şereketi “PAL-V Liberty” atly uçýan awtoulagyň önümçiligini Hindistanyň Gujarat ştatynda öndürip başlajakdygyny mälim etdi. Sagatda 180 km/s tizlik bilen gidýän täsin ulag köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlan ilkinji uçýan awtoulag bolar. Hem ýerde, hem howada hereket etmäge niýetlenen iki orunlyk ulag ilkinji gezek 2018-nji ýylda Ženewada geçirilen halkara awtoulag sergisinde görkezilipdi. Iki hereketlendirijisi bolan “PAL-V Liberty”-niň tizligi ýerde 160 km/s, howda 180 km/sagada ýetýär. Ulagyň ýerde wagty ýygnalyp durýan uçmaga degişli bölekleri bary-ýogy 3 minutda uçmaga taýýar bolýar. Elektrik energiýasy bilen işleýän maşyn bir gezekki zarýady bilen 500 kilometr ýol geçýär. Gabarasy alýumin we titan ýaly ýeňil materiallardan öndürilen ulagyň agramy bary-ýogy 664 kilograma ýetýär. Hyrydarynyň köp bolmagyna garaşylýan ulag indiki ýyl öndürilip başlanar. Golland şereketi Gujaraty birinji hilli infrastrukturasy, ösen logistika we port desgalarynyň bardygy sebäpli saýlandyklaryny belleýär. Bu ýerde öndürilen ulaglar Ýewropa we Amerika bazaryna hem eksport ediler. Önümçilik desgady Niderlandlara degişli şereketiň Hindistanda gurjak ilkinji zawody bolar.