Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Marsa baranyna 8 ýyl boldy

10.08.2020

ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy NASA-nyň “Curiosity” robotynyň Marsa baranyna sekiz ýyl doldy. Awtoulag ululygyna barabar mobil robot şondan bäri dürli açyşlary etmekde peýdalanylýar. 2011-nji ýylda uçurylan “Curiosity” 2012-nji ýylyň 6-njy awgustynda Gyzyl Planeta gondurylypdy. Uzakdan dolandyrylyp, hereket edýän robot öňki döwürlerde Marsda ýaşaýşyň bolup-bolmandygyny anyklamak üçin alamat gözleýär. Häzire çenli “Curiosity” 23 km-e golaý ýol geçdi. NASA bu robotyň häzire çenli düşüren täsin suratlaryny ýaýratdy.