Türkmentelekom Bot

Halk Maslahatynyň Başlygy Bitaraplyk baýramçylygynyň çäreleriniň dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmelidigini aýtdy


17.02.2025

Habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýurduň ähli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygy barada aýdyldy. Bu meselede hiç zadyň ünsden düşürilmeli däldigini belläp, Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan toýlara we halkara maslahatlara gatnaşmak üçin gelýän myhmanlaryň türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylanmalydygyny belledi. Olaryň degişli ugurlar bilen üpjün edilmegine zerur üns berilmelidigi barada aýdyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň habar beriş serişdeleri işjeňlik görkezip, baýramçylyk çäreleriniň dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Gahryman Arkadag 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileý ýyly hökmünde toýlaryň goşa-goşadan gelýändigini aýtdy we hemmeleriň bilini berk guşap, ýeňini çermäp, şanly toýa gowy taýýarlyk görmelidigini, bu toýlaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin her kimiň öz mynasyp goşandyny goşmalydygyny aýratyn belledi. Bu barada TDH habar berdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn