Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“Xiaomi” şereti impulsy ölçeýän futbolkany öndürdi

13.09.2020

“Xiaomi” şereketi Hytaýda ýürek urşuna we elektrokardiogramma gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän datçik bilen enjamlaşdyrylan "Mijia Sports ECG T-shirt" futbolkasy diýlip atlandyrylýan täze futbolka öndürdi.

Resmi maglumatlara görä, bu futbolka "Mijia Sports ECG T-shirt" atly futbolka adaty  sport futbolkasyna meňzeýär. Döşüň ortasynda adaty optiki geçirijilerden has takyk işleýän elektron modul bar.

Futbolka elektrokardiogrammany saýlanan tizligi bilen  60 sekuntda 250 gezek ýerine ýetirýär. Ulanyjylar dürli maşklar ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda ýürek urgularynyň sanyna gözegçilik edip we elektrokardiogramma alyp bilerler. Elektrokardiogramma moduly ýürek urgularynyň sanyny görkezýän “LED” görkezijisi bilen enjamlaşdyrylandyr.

"Mijia Sports ECG T-shirt" futbolkasy 44 dollara satylýar.