Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Ýaponiýanyň täze H-3 agyr ýük daşaýan raketasynyň uçurylmaly senesi 2021-nji ýylyň apreline çenli yza süýşürildi

13.09.2020

Ýaponiýada şu ýyl uçurylmaly täze H-3 agyr ýük daşaýan raketa hereketlendirijisi bilen baglanyşykly tehniki näsazlyklar sebäpli 2021-nji ýylyň apreline çenli yza süýşürildi.

Ýaponiýanyň “Aerokosmiki” ylmy-gözleg gullugy (JAXA) raketanyň ilkinji synag uçuşynyň indiki ýylda, ýagny 2021-nji ýylyň aprelinden 2022-nji ýylyň mart aýyna çenli boljakdygyny we ikinji synag uçuşynyň bu mesele çözülenden soň boljakdygyny mälim etdi. 

Ýaponiýanyň kosmos maksatnamasynyň taryhynda iň güýçli daşaýjy raketa H-3, uzynlygy 63 metr, öňki H-2A modelinden 10 metr uzyndyr we göterijilik ukyby 4,6 tonna garşy 7 tonnadyr.

Täze modeliň her biriniň bahasy 10 milliard ýen ýagny, 84 million dollar bolan H-2A-dan iki esse arzan bolar we Ýaponiýa halkara bazarynda has güýçli orun berer.

2000-nji ýyllaryň başyndan bäri işleýän H-2A uçarlary, iň ygtybarly daşaýjy raketalardan biridir. Şu wagta çenli 42 uçurylyşyň 41-si üstünlik gazandy.