Türkmentelekom Bot

Aşgabatda Nowruz baýramy mynasybetli täze awtobus gatnawy ýola goýlar


15.03.2025

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylyň 19-njy martyndan başlap, 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi —Awtokombinat» şäherýaka ugrunyň ýola goýulýandygyny habar berdi. Bu ugur Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde ilata hödürlenilýän ulag hyzmatlaryny göwnejaý ýerine ýetirmek üçin ýörite girizilýär.

Baýramçylyk çäreleri 21-22-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda geçiriler. Täze ugruň döredilmeginden esasy maksat baýramçylyk günlerinde ilatyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli, medeniýetli bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Raýatlar goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilerler: +99361493495; 44-35-20.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn