Türkmentelekom Bot

Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki topary dörediler


15.03.2025

14-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparyny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu toparyň döredilmegi birnäçe ugurlar boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmäge itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen ulag-logistika ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutany Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn