Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Iň gymmat elektrokar

24.02.2020

Sport ulaglaryny öndürýän britan kompaniýasy “Lotus Cars” dünýäniň iň gymmat elektrokarynyň önümçiligini ýola goýar. Kompaniýanyň ilkinji elektrokarynyň bahasynyň 2,2 million dollar boljakdygy mälim edildi. “Evija” atly bu ulagy satyn almaga isleg bildirýänler öňünden 322 müň dollar tölemeli bolarlar. “Business Insider” neşiriniň maglumatlaryna görä, ulagyň agramy 1680 kilograma barabar bolup, ol “Lotus”-yň häzire çenli öndüren iň ýeňil ulagy bolar. Ulagdan jemi 130 sanysy öndüriler. Kuwwaty 2000 at güýjüne barabar bolan “Evija” 100 km/s tizlige 3 sekuntda ýeter. Ulagyň batareýasy bary-ýogy 18 minutda dolup, bir gezekki zarýady bilen 400 km ýol geçer.