Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“Renault Megane eVision” tanyşdyryldy

16.10.2020

Fransiýanyň “Renault” kompaniýasy “Megane eVision” atly elektroulag modelini işläp taýýarlaýar. “Volkswagen ID.3” modeliniň bäsdeşi boljak ulag elektroulag bazaryndaky bäsdeşligi ýitileşdirer. Fransuz kompaniýasy birnäçe ýyldan bäri elektroulag modellerini öndürýär. Geljek ýyl köpçülikleýin önümçiligine başlanjak täze model “Nissan” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde işlenip taýýarlandy. Öňümizdäki ýylyň ikinji ýarymynda önümçiligine başlanjak ulag, ilkinji nobatda, Ýewropa bazarynda satuwa çykarylar. Ulagyň nusgalyk görnüşde tanyşdyrylan görnüşiniň kuwwaty 217 at güýjüne barabar. Elektrik energiýasy bilen işleýän bir sany hereketlendiriji oturdylan ulagyň öňki tigirleri aýlanýar. Ulagyň 0-100 km/sagat tizlige ýetmegi üçin 8 sekunt gerek bolýar. Ulagyň uzynlygy 4,210 millimetre, giňligi 1800 millimetre, beýikligi 1,505 millimetre we iki tigriniň arasy 2,700 millimetre deň bolar.