Türkmentelekom Bot

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde milli teleýaýlymlar bilen syýasy gepleşikler ýazgy edildi


17.03.2025

13-nji martda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň kämilleşmegi, ýerasty baýlyklaryň ygtybarly goraglylygy” atly syýasy maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem-de uniwersitetiň professor-mugallymlary nebit we gaz pudagynyň kanunçylyk ulgamynyň kämilleşmegi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Talyp ýaşlar maslahatyň dowamynda çykyş edenlere türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Euronews” telekompaniýasyna beren interwýusy şeýle-de Ýaşlar parlamentarisiniň işleri barada özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.

Şeýle hem Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Miras” Türkmenistan teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli bellenen çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeler bilen bagly söhbetdeşlik guraldy.

Onda çykyş edenler parahatçylygyň we ynanyşmagyň häzirki zaman dünýäsinde Ýer ýüzüniň halklary üçin barha artýan gymmaty barada, Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýylyň başynda gazanan üstünlikleri hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Euronews”-yň habarçysy bilen geçiren söhbetdeşligi dogrusynda aýratyn belläp geçdiler.



Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn