Türkmentelekom Bot

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 80 million dollardan gowrak boldy


17.03.2025

Gruziýanyň Milli statistika gullugy (Geostat) 2024-nji ýylda Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy baradaky maglumatlary çap etdi. Türkmenistandan Gruziýa edilen importyň mukdary 58,09 million ABŞ-nyň dollaryna barabar boldy, Gruziýanyň Türkmenistana eksporty bolsa 22,9 million ABŞ-nyň dollaryna ýetdi – diýip, Trend neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň Gruziýa eksportynyň esasy bölegi 45,4 million dollarlyk nebit we nebit önümlerinden ybarat boldy. Mundan başga-da, Gruziýa Türkmenistandan nebit koksy we bitum (4,8 million dollar), gips esasly gurluşyk garyndylary (1,7 million dollar), azot dökünleri (1,05 million dollar) ýaly önümleri hem-de ýük awtoulaglaryny (831 müň dollar) import etdi.

Gruziýa hem, öz gezeginde, Türkmenistany esasan azyk önümleri we lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etdi. Şeýlelik bilen, guş etiniň we goşmaça et önümleriniň eksporty 11,4 million dollara, ortopediki önümler we emeli beden bölekleri – 2,6 million dollara, gaplanan derman önümleri – 1,8 million dollara barabar boldy. Şeýle hem Türkmenistan Gruziýadan 1,1 million dollarlyk ýolagçy awtoulaglaryny we 927,2 müň dollarlyk etil spirtli we alkogolly içgileri satyn aldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn