Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň daşary işler ministri GEEÝF-iň Baş sekretary bilen gepleşikleri geçirdi


20.03.2025

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GEEÝF) Baş sekretary Mohammed Hamel bilen duşuşdy. Şu gün geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň GEEÝF-e goşulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ählumumy energetika bazarlaryndaky häzirki ýagdaýy hem-de guramalar bilen ýöriteleşdirilen düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

Türkmen tarapy GEEÝF-iň hünärmenleriniň gatnaşmagynda degişli okuw sapaklaryny we seminarlary geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri GEEÝF-iň wekillerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistan tarapyndan guraljak çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Taraplar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatynyň netijeleriniň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen GEEÝF-iň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn