21.03.2025
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy boldy. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, duşuşykda gaznanyň alyp barýan işleriniň halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bellenildi.
Duşuşykda O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barada gürrüň berip, ynsanperwer maksatlara gönükdirilen işleri ýerine ýetirmegiň bu düzümiň esasy wezipesi bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen gazna tarapyndan häzire çenli amala aşyrylan işleriň, şol sanda zerur lukmançylyk operasiýalaryny geçirmegiň saglygyny dikeltmäge mätäçlik çekýän çagalara uly hemaýat berýändigi nygtaldy.
Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barha giň gerime eýe bolup, ol goňşy we sebitdäki hyzmatdaş ýurtlaryň çagalaryna-da degişli derejede ýardam berýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryp, beren gürrüňleri üçin O.Atabaýewa hoşallyk bildirip, bu çäreleriň diňe öwgä mynasypdygyny aýtdy we onuň işleriniň barha öňe ilerläp, mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda şu ýyl gaznanyň döredilmegine 4 ýyl bolýandygy bilen baglylykda, bu senäniň halkara derejeli çäreleriň geçirilmegi arkaly bellenilmegi baradaky wezipelere hem üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, käbir degişli meseleler boýunça pikir alşyldy.
Ilçi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň asylly we ynsanperwer işlerini goldaýandygyny aýtdy hem-de gaznanyň işini has-da öňe ilerletmek ugrunda, şol sanda ony halkara derejede ösdürmek maksady bilen, bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny nygtady.
O.Atabaýewa Gahryman Arkadagyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde iş alyp barmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belländigine üns çekdi.
Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ugurda kesgitlän wezipeleriniň ähmiýeti barada aýdylyp, olary ýerine ýetirmegiň gaznanyň halkara derejedäki abraýyny artdyrmak bilen birlikde, Garaşsyz Türkmenistanyň yzygiderli eýerýän hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, dost-doganlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Bu işleriň bütin dünýäde hem-de Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda amala aşyrylmagy özboluşly mazmuna eýe bolar diýlip, duşuşykda nygtaldy.
27.08.2025
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy sanly özgertme boýunça okuw geçirýär
25.08.2025
Türkmen höwesjeň ýaşlarynyň 50-ä golaýy sumo boýunça robotlaryň göreşine gatnaşdy
20.08.2025
Arkadag «TIF-2025» forumynda «akylly» we ekologik taýdan arassa şäheriň nusgasy bolar
18.08.2025
Wirtual serwerleriň ätiýaçlyk göçürmeleriniň mümkinçilikleri
18.08.2025
Türkmenistanda ýaş inženerleriň arasynda bäsleşik geçirildi
28.07.2025
Türkmenistan döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmak üçin X-Road ulgamyny işe girizdi
11.07.2025
BMG-niň forumynyň gatnaşyjylar üçin Türkmenistanda «Awaza AI» atly wirtual kömekçi işe girizildi
09.07.2025
Aşgabatda aragatnaşyk we awiasiýa pudagynyň bilermenleri ýaş hünärmenler bilen duşuşdylar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
14.06.2025
«Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
02.06.2025
Türkmen hünärmenleri Özbegistanyň «ýaşyl» tehnologiýalar babatdaky tejribesini öwrenýärler
27.05.2025
«Daýhanbank» daşary ýurtda okaýan talyplar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär
09.05.2025
КЭ «Туркментелеком» агентства «Туркменарагатнашык» предлагает организациям услугу Колл-центра
08.05.2025
«Туркменарагатнашык» и «Туркменпочта» поздравили ветеранов
07.05.2025
«Türkmenaragatnaşyk» и Airbus договорились о партнерстве в космической сфере
29.04.2025
Türkmenistanyň älem ulgamynyň gazananlary we geljegi
18.04.2025
Türkmenistanda X-Road platformasynyň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar
18.04.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylda aragatnaşyk üçin maýa goýumlary 82 million manatdan gowrak bolar
15.04.2025
«Türkmenaragatnaşyk» EXPO-2025 sergisinde sanlylaşdyrmakda gazanan üstünliklerini görkezýär
14.04.2025
Mugallymlaryň we talyplaryň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirildi
12.04.2025
TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy maslahat geçirildi
10.04.2025
Türkmenistan Duşenbede sanly aragatnaşyk boýunça geçirilen halkara foruma gatnaşdy
10.04.2025
Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder
28.03.2025
Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ÝB-niň daşary işler ministrleriniň 20-nji duşuşygy geçirildi
28.03.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynda milli ýörelgelere üns bermelidigini tabşyrdy
28.03.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: agardylmadyk mata we dokma galyndylary ýerlenildi
28.03.2025
Ýewropa Parlamentinde Bitaraplygyň parahatçylygy berkitmekdäki orny bilen baglanyşykly Ýörite mejlis geçirildi
28.03.2025
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli çäre geçiriler
27.03.2025
UNFPA guramasy 2026-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanda alyp barjak iş maksatnamasy bilen tanyşdyrdy
27.03.2025
Ýerewanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi geçirildi
27.03.2025
Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Aşgabatda gepleşikleri geçirer
27.03.2025
Mişustin: rus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär
27.03.2025
Türkmenistan - Rumyniýa: ylym-bilim ulgamyndaky özara hyzmatdaşlyk işjeňleşýär
27.03.2025
Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri birnäçe mesele boýunça maslahatlaşdylar
27.03.2025
Aşgabatda «ÝB — Merkezi Aziýa» görnüşindäki daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirilýär
27.03.2025
Türkmenistan Ylmy diplomatiýa boýunça ählumumy ministrler dialogyna gatnaşdy
27.03.2025
Türkmenistanyň ilçihanasy Moskwa şäherinde kitap sergisini gurady
26.03.2025
26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
26.03.2025
Russiýa BMG-niň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny makullaýar
26.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
26.03.2025
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady
26.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny mübärek Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen gutlady
26.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
26.03.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly uçar kerosini, suwuklandyrylan gaz, nah ýüplügi we agardylmadyk biz matasy, şeýle hem gurluşyk materiallar satyn alyndy
25.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.03.2025
Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi