Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Sport elektrokary has ýyndam bolar

11.02.2020

Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasynyň “ID.R” atly sport elektrokarynyň has ýokary tizliklisiniň işlenip taýýarlanýandygy habar berildi. Täze model daşky dizaýny we tizligi bilen rekord goýan häzirki modelden hem ýyndam bolar. “I.D R Evo” diýlip atlandyryljak ulagyň tizlik rekordy Germaniýanyň Nýurburgring trassasynda geçiriler. Nemes brendiniň häzirki modeli “Volkswagen ID. R” 2018-nji ýylyň iýun aýynda ilkinji rekordyny ABŞ-nyň Kolorado ştatynda goýupdy. Fransuz piloty Romen Dýumanyň dolandyran ulagy soňky ýyllarda Angliýada, Germaniýada we Hytaýda geçirilen synaglarda hem rekord goýupdy.