Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

370 km aralygy özbaşdak geçdi

10.02.2020

“Nissan” kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan “Leaf” ulagy 370 km aralygy dolulygyna özbaşdak gitmegi başardy. “HumanDrive” atly taslamanyň çäklerinde geçirilen synagda ulag awtoýollar bilen bir hatarda degişli duýduryjy belgileriň bolmadyk, beýikli-pesli egrem-bugram ýollardan hem geçdi. Häzirki wagtda ulaglardaky awtopilot ulgamlaryny belli bir ülňüdäki ýollarda peýdalanyp bolýar. Ulaglaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy 5 dereje bilen tapawutlandyrylýar. Üçünji derejedäki awtomatlaşdyrylan ulgamda jogapkärçilik sürüjide bolýar, emma tizligiň köpelip-azalmagy we durmagy ýaly hereketleri ulag özbaşdak ýerine ýetirýär. Bäşinji derejede bolsa, ulag dolulygyna, ýagny otlanmagy, “hojaýynyň” ýanyna gelmegi, ýol-hereketiniň degişli düzgünlerini bozman, barmaly ýerine barmagy göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ulanylýan awtomatlaşdyrylan ulgamlar 2-nji we 3-nji derejä degişli. “Nissan”-yň amala aşyran synagyna 5-nji dereje diýlip baha berse bolar, emma kompaniýanyň wekilleri muny agzamaýar. Sebäbi üçünji derejäki awtomatlaşdyrylan ulgam haýsydyr bir bökdençlik ýüze çykmadyk ýagdaýynda ulagyň özbaşdak hereket etmegini üpjün edip bilýär. “Nissan”-yň geçiren synag sürüşine iki hünärmen gatnaşypdyr. Olaryň biri sürüjiniň ýerinde oturypdyr, beýlekisi ulagyň howpsuzlygy üpjün edýän enjamlara gözegçilik edipdir. Ulag Londonyň demirgazygyndaky Bedfordşirden Sanderlende çenli hereket edipdir. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin 30 aýlap taýýarlyk görlüpdir. Ulag hereket eden mahaly gerek ýerine tizligini ýokarlandyrmagy, peseltmegi hatda durup, gaýtadan ýoluna dowam etmegi özbaşdak ýerine ýetiripdir.