Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Iň gysga wagtlyk uçuş

10.02.2020

“Bristish Airways” awiakompaniýasyna degişli ýolagçy uçary Nýu-Ýork-London aralygyny 1287 km/sagat tizlik bilen geçdi. Bu görkeziji ses tizliginden aşakdaky iň ýokary tizlik hasaplanýar. Uçar 6 sagat 13 minutda geçmeli aralygyny 4 sagat 56 minutda tamamlady. “Boeing 747” uçaryň tizliginiň ýokarlanmagyna howa akymynyň, ýagny ýeliň täsiri uly bolupdyr. Bilermenler ýolagçy uçarlarynyň uçýan belentliginde “howa derýasynyň” bolýandygyny belleýärler. “British Airways” kompaniýasynyň wekili tizlik rekordyna däl-de, howpsuzlyga has köp üns berýändiklerine ünsi çekip, tejribeli pilotlaryň ýolagçylary barmaly ýerine wagtyndan öň barmaklary üçin iň gowy şertleri döredendiklerini belledi.