“Google”-yň kartalar hyzmaty öz ulanyjylaryna iri şäherleriniň merkezi ýerlerini hakykata has ýakyn görnüşde görkezip başlady. Dünýäniň iň iri tehnologiýa kompaniýasynyň nawigasiýa hyzmaty bolan “Google Maps” geçen ýyl ýaýradan aýratynlygy bilen ulanyjylaryna smartfonlarynyň kamerasyny ulanmak arkaly saýlan nokadyny hakykatda bolşy ýaly görkezip başlapdy. Täze goşulan aýratynlykda bolsa, käbir ýerler göni ýaýlymda görkezýär. Häzirlikçe bu hyzmat Amsterdam, Bankok, Barselona, Berlin, Budapeşt, Dubaý, Florensiýa, Stambul, Kuala-Lumpur, Kýoto, London, Los-Anjeles, Madrid, Milan, Münih, Nýu-Ýork, Osaka, Pariž, Praga, Rim, San-Fransisko, Sidneý, Tokýo we Wena şäherleriniň merkezlerini öz içine alýar. Geljekde kompaniýa bu hyzmatynyň çäklerine beýleki şäherleri hem goşmagy maksat edinýär. Şeýle hem kompaniýa mundan ozal diňe “Pixel” smartfonlary bolan ulanyjylaryna hödürlenen lokasiýa paýlaşylanda göni ýaýlym hyzmatyny ähli “iOS” we “Android” enjamlary üçin hem elýeterli etdi.
Şäher merkezlerini “janly” görkezer
02.10.2020