Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Hytaýly alymlar “Aýyň üstündäki radiasiýany” ölçediler

02.10.2020

Hytaýly alymlar Aýa syýahata gitjek adamlary garşylajak radiasiýasynyň mukdaryny ölçemegi başardylar. Bu radiasiýa Ýeriň üstündäki radiasiýadan 200 esse güýçlüdigi mälim boldy.

Häzirki wagtda Aýa adamly ýörite  ulaglary ibermegi meýilleşdirýän ýurtlaryň sany barha artýar. Şeýle-de bolsa Aýda adamlara nähili howplaryň garaşýandygy entek belli däl. Bularyň arasynda radiasiýa birinji ýerde durýar. 

Alymlar ionlaşdyryjy şöhlelenmäniň Aýda ortaça 1369 mikroziwerte ýetýänligini  anykladylar. Bu bolsa Halkara Kosmos bekedindäki şöhlelenmeden 2,6 esse köpdür.