Türkmentelekom Bot

TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy maslahat geçirildi


12.04.2025

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Ylym, tehnologiýa we parahatçylyk: durnukly ösüşiň ýollary” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Çärä dürli ýurtlardan alymlar, hünärmenler gatnaşyp, ylmyň we tehnologiýanyň durnukly ösüşi gazanmakdaky esasy ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" internet neşiri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, halkara maslahatyň umumy mejlisinde Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkiýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Şeýle-de Özbegistandan, Germaniýadan, Hytaýdan, BAE-den alymlar çykyş etdiler.

Umumy mejlis russiýaly alymyň süýji suwuň alternatiw çeşmeleri, hususan-da, global suw ýetmezçiligi şertlerinde örän möhüm bolan atmosfera howasyndan suw çykarmak baradaky çykyşy bilen tamamlandy.

Soňra halkara maslahat öz işini “Himiki tehnologiýalar we ekologiýa”, “Nanotehnologiýalar we energetika”, “Bio-iýmit we derman öndürmek üçin tehnologiýalar” diýen mowzuklar boýunça degişli bölümçelerde dowam etdi.

Türkmenistandan we Özbegistandan alymlar bu ugurlardaky derwaýys meseleleri çözmäge we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen köp sanly ylmy gözlegleri hödürlediler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn