Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Azerbaýjan Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

21.03.2025

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Nowruz baýramy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň merkezi metbugat neşirlerinde çap edilen gutlag hatynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti türkmen kärdeşine ýüzlenmek bilen:

— Halklarymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny özünde jemleýän Nowruz baýramy mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Müňýyllyklaryň dowamynda uly şatlyk we buýsanç bilen bellenilip gelinýän bu baýram topragyň janlanyşyny, tebigatyň täzelenişini alamatlandyrýar. Goý, Nowruz baýramy biziň halklarymyza rysgal-bereket, abadançylyk getirsin!

Bu baýram günlerinde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we mundan beýläk-de ösüş arzuw edýärin — diýip ýazýar.