Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistan Marokko Patyşalygyna ilçi belledi

23.02.2025

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Annamuhammedowiç Işangulyýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Maglumat üçin ýatlatsak, Mekan Işangulyýew Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi wezipesine 2022-nji ýylda bellenilipdi.