Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistan halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görýär

14.02.2025

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek we döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň şu ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, şu ýylyň 19-20-nji ýanwary günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary boldy.

Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşikler, duşuşyklar guraldy. Ýylyň başyndan bäri halkara resminamalaryň 6-syna gol çekildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu babatda degişli işler geçirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde birnäçe halkara çäreleriň bardygyna, olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministrine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli halkara derejede guraljak çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.