Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Aşgabatda türkmen-hytaý DIM-ara geňeşmeleri geçirildi

15.01.2025

Türkmenistanyň DIM-iniň binasynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, hytaý wekiliýetine bolsa HHR-iň daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Bin ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiň esasy ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik dialog, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hytaý tarapynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde meýilleşdirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy barada durlup geçildi. Şeýle-de parlamentara dostluk toparlarynyň işleriniň we bilelikdäki çärelere gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gol çekişilen 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşyp, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň möhüm ornunyň bardygyny bellediler.

Söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Geňeşmeleriň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar diýlip, çeşmede bellenilýär.