Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Yslamabatda Türkmenistanyň ilçisi bilen Pakistanyň Senatynyň başlygynyň duşuşygy geçirildi

04.11.2024

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Senatynyň başlygy Seýid Yusuf Raza Gilani bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryny we halkara derejedäki gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn we üstaşyr söwdanyň ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.