Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýada bolan tebigy betbagtçylyga gynanç bildirdi

01.11.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI ýurtda bolup geçen güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.