Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

11.10.2024

Aşgabada amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Bu barada gazak Lideriniň resmi saýtynda hem habar berilýär.

Bu dabara iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň aýdyň beýany boldy diýip, çeşme belleýär.