Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 11-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşar.
«Biz eýýäm bir duşuşyk barada ylalaşdyk. Ol Eýranyň Prezidenti M.Pezeşkian bilen bolar» diýip, rus Lideriniň kömekçisi Ýuriý Uşakow žurnalistler bilen söhetdeşlikde mälim etdi.
Onuň aýtmagyna görä, bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.
Mundan başga-da, Russiýanyň we Eýranyň Prezidentleriniň 22-24-nji oktýabrda Kazanda geçiriljek BRIKS guramasynyň sammitinde hem duşuşjakdyklary bellenildi.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen geljekdigini habar beripdik.