Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk gutlagyny iberdi.
"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda Patyşa Karl III Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenmek bilen:
"Hormatly jenap Prezident!
Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna öz adymdan we maşgalamyň adyndan ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy uly kanagatlanma bilen beýan edýärin.
Biziň halklarymyzyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýärin hem-de ýurtlarymyzyň arasynda parahatçylygyň, ösüşiň ählumumy wezipeleriniň, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Size hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymyzy ýollaýarys" diýip ýazýar.