Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Afrika Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

30.09.2024

Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Matamela Siril Ramafosa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady. TDH-nyň beýan edişi ýaly, gutlagda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly pikirler hem beýan edilmek bilen, hususan-da, şeýle diýilýär:

— Günorta Afrika Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize, ýurduňyzyň Hökümetine hem-de halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk arzuw edýärin, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigimi ýene bir gezek tassyklamak isleýärin.